- gorkunç
- Eýmenç, erbet, aýylganç, elhenç.∙ Emma ertesi waka Sähediň oýlaşyndan-da gorkunç bolup çykdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)∙ Şeýle agyr jebirlerden soň menin endamyma bu çişiň ýöremegi gorkunç. (R. Seýidow, Bagtlylar)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.Meselem gorkunç - gorkunjy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.